Çümdüriji Ýahýa dogulýar
57 Elizabetiň aýy-güni dolup, bir ogul dogurdy. 58 Goňşularydyr dogan-garyndaşlary Rebbiň oňa beýik merhemet edendigini eşidip, onuň bilen şatlandylar. 59 Sekizinji gün çagany sünnet etmäge geldiler. Oňa kakasy Zekarýanyň adyny dakjak boldular. 60 Emma ejesi muňa garşy bolup: «Ýok, onuň ady Ýahýa bolmalydyr» diýdi. 61 Olar oňa: «Seniň garyndaşlaryňyň arasynda Ýahýa atlysy ýok ahyry» diýdiler. 62 Onsoň olar çaganyň kakasyna üm bilen düşündirip, onuň adyna näme dakmakçydygyny soradylar. 63 Zekarýa hem ýazar ýaly bir tagtajyk tapyp, oňa «Ady Ýahýa» diýip ýazdy. Hemmeler haýran galdy. 64 Şol wagt Zekarýanyň dili açylyp, Hudaýa öwgi aýdyp, geplemäge başlady. 65 Goňşularyň hemmesini gorky gaplady. *Ýahudyýa daglygynyň ähli ýerinde bu bolan wakalaryň barysy hakda gürrüň edildi. 66 Muny eşidenleriň bary bu zatlar hakda oý-pikire batyp: «Bu çaga kim bolarka?» diýişýärdi. Çünki Rebbiň güýji onuň bilendi.