Çümdüriji Ýahýanyň doguljagy öňünden aýdylýar
5 *Ýahudyýa patyşasy Hirodyň döwründe Zekarýa atly bir ruhany bardy. Ol Abyýanyň ruhanylar toparyndandy, onuň aýaly Elizabet hem Harunyň neslindendi. 6 Bu är-aýalyň ikisi-de Hudaýyň öňünde dogruçyl adamlar bolup, olar *Rebbiň ähli buýruklarydyr parzlaryny birkemsiz berjaý ederdiler. 7 Emma Elizabetiň önelgesizdigine görä, olaryň perzendi ýokdy. Olaryň ikisi-de eýýäm garrylyk ýaşyna ýetipdi.
8 Bir gün Zekarýa öz toparynyň nobatçylyk gezeginde, Hudaýyň huzurynda *ruhanylyk hyzmatyny berjaý edýärdi. 9 Şonda ruhanylyk adaty boýunça, ýakymly ysly *tütetgi tütetmek üçin, Rebbiň ybadathanasyna girmek onuň bijesine düşdi. 10 Tütetgi tütetmeli pursady geldi, ähli jemagat daşarda Hudaýa doga okap durdy.
11 Şol wagt *tütetgi sypasynyň sagynda duran Rebbiň bir *perişdesi Zekarýa göründi. 12 Zekarýa ony görüp, özüni ýitirdi, ony gorky gaplady. 13 Emma perişde oňa şeýle diýdi: «Eý, Zekarýa, gorkma, sebäbi seniň Hudaýdan eden dilegiň kabul boldy. Aýalyň Elizabet saňa bir ogul dogrup berer, sen onuň adyna Ýahýa dakarsyň. 14 Bu saňa uly şatlyk getirer, onuň doglanyna köp adamlar şatlanar. 15 Çünki ol Rebbiň nazarynda beýik bolar. Ol hiç haçan agzyna şerap we içgi almaz. Ol heniz enesiniň göwresindekä, *Mukaddes Ruhdan dolar. 16 Ol ysraýyl halkyndan köp adamy özleriniň Hudaýy Rebbe tarap öwrer. 17 Ol atalary ogullary bilen ýaraşdyrmak, boýun egmezekleri dogrularyň düşünjesine gönükdirmek üçin, *Ylýasyň ruhundan we gudratyndan dolar, Reb *Isa Mesihiň1 öňünden ýörär. Ol Rebbiň göwnünden turjak halky taýýarlar». 18 Zekarýa perişdä: «Men muny nähili bileýin? Men bir garry adam, aýalym-da garrylyk ýaşyna ýeten» diýdi. 19 Perişde oňa: «Men – Hudaýyň huzurynda durýan *Jebraýyl. Men seniň bilen gepleşip, saňa bu *Hoş Habary gowşurmak üçin iberildim. 20 Sen meniň bellenen wagtda amala aşjak sözlerime ynanmadyň. Şonuň üçin hem seniň diliň tutulyp, şu zatlaryň amala aşjak gününe çenli gepläp bilmersiň» diýip jogap berdi.
21 Şol wagt Zekarýa garaşyp duran halk onuň *ybadathanada eglenenine geň galdy. 22 Zekarýa daşary çykanda, olar bilen gepleşip bilmedi. Şonda olar ybadathanada onuň bir *görnüş görendigine göz ýetirdiler, sebäbi Zekarýa olara üm bilen yşarat edýärdi, emma gepleşip bilmeýärdi.
23 Hyzmat etmeli wagty tamamlanansoň, Zekarýa öýüne gaýtdy. 24 Aradan köp wagt geçmänkä, onuň aýaly Elizabet göwreli boldy. Ol bäş aýlap hiç ýere çykmady, öýünde boldy. 25 Ol: «Muny meniň üçin eden Rebdir. Indi Ol maňa nazar salyp, il arasyndaky utanjymdan dyndardy» diýýärdi.
11:17 Mesih – ýewreýler bu sözi Hudaý tarapyndan wada berlen Patyşa babatynda ulanýardylar. Sözlüge seret.